Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi

Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi

Hytaý usulynda döwrebaplaşdyrmak kuwwatly döwleti gurmakda we milleti galkyndyrmakda täze ýoldur, ol siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýurduň Kommunistik partiýasynyň stajýorlary üçin okuw gollanmalaryna ýazan sözbaşynda belledi. Bu barada Xinhua habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Syýasatçy diňe güýçli taglymat bilen Hytaýyň anyk ugry kesgitläp biljekdigini nygtady. Ol partiýanyň hatarlarynda täze eýýamda marksizmiň endiklerini özleşdirmekde, syýasy bitewüligi we ýokary derejedäki raýdaşlykda hereketleriň jebisligini üpjün etmekde täze eýýamda hytaý özboluşlylygyndaky sosialistik pikiri durmuşa ornaşdyrmaga çagyrdy.

HHR-iň Başlygy hytaý döwrebaplaşdyrylmagyny öňe sürmek bilen baglylykda, ýolbaşçylaryň syýasy sowatlylygy ählitaraplaýyn ösdürmegi, olaryň liderlik derejesini we işbaşarjaňlygyny ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 100 million töweregi agzasy bar. Partiýanyň ugry ýurduň dolandyryjy ideologiýasy hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bir guşak, bir ýol halkara maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi