Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi

Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde penşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Hemişelik Wise-Premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar şulardan ybarat:

Mundan başga-da, şol gün Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Lyong Kyong Wýetnamyň Prezidenti boldy
To Lam ikinji möhlete täzeden saýlandy