Putin: BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 36 göterime çenli artdy

Putin: BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 36 göterime çenli artdy

BRIKS guramasynyň agza döwletleriniň dünýä JIÖ-indäki paýy 36 göterime, planetanyň ilatyndaky paýy bolsa 46 göterime çenli artdy diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PHYF) plenar ýygnagyndaky çykyşynda aýtdy.

BRIKS-e täze agzalar goşuldy, olar Saud Arabustany, Eýran, Birleşen Arap Emirklikleri, Müsür we Efiopiýa. Netijede, biziň dünýäniň JIÖ-indäki paýymyz 36 göterime çenli ýokarlandy, planetanyň ilatynda bolsa, 36 göterime ýetdi diýip, Putin aýtdy.

Putin BRIKS-iň täze agzalaryň birleşmegi üçin uly mümkinçiliklere eýedigini, Russiýanyň olaryň kabul edilmegine oňyn garaýandygyny we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarynyň şeýle ymtylmasyny goldajakdygyny nygtady.

Bu barada Ren.tv habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy