Putin göni ýaýlymda metbugat duşuşygyny geçirdi

Putin göni ýaýlymda metbugat duşuşygyny geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen göni ýaýlymdaky metbugat-duşuşygynda 4 sagat 26 minudyň dowamynda žurnalistleriň hem-de raýatlaryň sowallaryna jogap berdi. Bu gezek ol watandaşlarynyň 70-den gowrak sowalyna jogap bermäge ýetişdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Bu ýyl halkara gün tertibi russiýalylary az gyzyklandyrdy, bu ugurdaky sowallar bilen Prezidente, esasan, žurnalistler, aýratyn-da daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýüzlendiler. Russiýanyň raýatlaryny, Prezident bilen göni ýaýlymyň görkezişi ýaly, ýurduň içerki durmuşy, şol sanda ykdysadyýet, sosial ulgam, ulag we saglygy goraýyş gyzyklandyrdy.

Bu gezek rus Liderine 2,5 million sowal geldi diýlip, habarda bellenýär.

Putiniň raýatlar bilen göni ýaýlym arkaly duşuşygyny dünýäniň onlarça döwletiniň neşirleri, teleýaýlymlary görkezdiler. Olaryň arasynda Britaniýanyň Guardian, Times we Sun gazetleri, Times Radio we Sky News teleradioýaýlymlary, Ispaniýanyň Negocios TV ýaýlymy, Pais we Mundo neşirleri, WELT nemes gazeti, Al-Jazira, ANI we CNBC TV teleýaýlymlary hem-de Eýranyň IRNA habarlar agentligi bar.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Eýrandaky çakdanaşa yssy howa dükanlaryň we döwlet edaralarynyň ýapylmagyna getirdi
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa gondy
Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy