Putin: Ukrainanyň hüjümleri ykdysadyýete uly zeper ýetirýär emma Russiýa hötdesinden gelýär

Putin: Ukrainanyň hüjümleri ykdysadyýete uly zeper ýetirýär emma Russiýa hötdesinden gelýär

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň guraýan hüjümleriniň ýurdunyň ykdysadyýetine zeper ýetirýändigini emma Russiýanyň hötdesinden gelýändigini aýtdy.

Putin anna güni Russiýa-Ukraina söweşine gatnaşan esgerler bilen geçiren duşuşygynda “Elbetde bize zeper ýetirýärler, emma biz hötdesinden gelýäris. Biziň uly kynçylygy başdan geçirmegimize sebäp bolup bilmezler” diýdi.

Moskwanyň Ukrainadaky söweş üçin ulanýan “ýörite harby operasiýasy” zolagyndaky rus esgerleriniň sanynyň 700 müňden geçendigini aýdan Putin, ýurdunyň Günbatarly ýurtlara garşy ýeke-özüniň göreşýändigini nygtady.

Rus güýçleriniň Ukrainada isleýşi ýaly öňe gidip bilmeýändigini kabul eden Putin, harby güýçleriniň her gün tapgyrlaýyn ýagdaýda öňe barýandygyny aýtdy.

Putin, “Topraklarymyzy ýuwaş-ýuwaşdan gözegçilik astyna alýarys. Hiç kim şübhe etmesin” diýdi.

Rus lideri Putin “Ukrainanyň infrastrukturamyza guraýan hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen hüjümlerimiziň depginini tapgyrlaýyn artdyrarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Russiýany Merkezi Aziýadaky iň uly daşary ýurt maýa goýujy hökmünde yzda galdyrdy
Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok
Putin söweşdäki üstünlikleri nygtan bolsa; Zelenskiý Russiýanyň täze hüjümleri barada duýduryş berdi
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar