PÝGG paýtagtdan soň, sebitlerde hem ulaglaryň gara çarçuwalaryny aýyrdýar

PÝGG paýtagtdan soň, sebitlerde hem ulaglaryň gara çarçuwalaryny aýyrdýar

Türkmenistanda şahsy ulaglaryň döwlet belgisini saklaýan gara reňkli çarçuwany (ramkany) aýyrmak talaplary sebitlere hem ýetdi. Geçen hepde Aşgabatda häkimiýetler, dil üsti bilen berlen görkezmä salgylanyp, sürüjileri ak reňde bolmadyk, hatda zawodda öndürilen goýy çarçuwalaryny aýyrmaga mejbur edip başlady.

Mary we Lebap welaýatyndaky habarçylarymyzyň 25-nji aprelde beren maglumatyna görä, şu hepdäniň başyndan bäri Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň (PÝGG) işgärleri welaýat merkezleriniň köçelerinde ulaglara garşy reýd geçirýärler.

“Türkmenabatda ýol polisiýasy çatryklaryň boýunda durup, ulaglaryň döwlet belgisini saklaýan çarçuwany aýyrdýar. Polisiýa onuň reňkine hem garamaýar, goýy bolsun, açyk reňkde bolsun tapawudy ýok; hökman aýyraýmaly. Bu gün köçelerdäki ulaglaryň aglabasynyň döwlet belgileri sim ýa-da ýüp bilen berkidilipdir” diýip, Lebapdaky habarçymyz 25-nji apreldäki ýagdaýlary suratlandyrdy.

Marydaky habarçymyz, goňşy Lebap welaýatyndan tapawutlylykda, sebitiň polisiýa işgärleriniň dil üsti bilen bellik etmän, eýse gara reňkli çarçuwally ulaglary dessine jerime duralgasyna äkidýändiklerini aýtdy.

Ýerli sürüjiler musulmanlaryň mukaddes Oraza baýramyna gabat girizilen bu gadagançylyklaryň özlerinde ýaramaz täsir galdyrandygyny belläp, PÝGG işgärlerinden şahsy ulaglaryna girizilýän nobatdaky çäklendirmeleriň sebäplerini soranlarynda, polisiýa munuň özlerine bagly ýagdaý däldigini’ aýdyp jogap gaýtarýar.

“Polisiýa Bu biziň talabymyz däl. Arkadagyň we Arkadagly Serdaryň (Gurbanguly we Serdar Berdimuhamedowlaryň red.) alyp barýan syýasaty. Bizde näme erk-ygtyýar bar?! Biz hem dil üsti bilen berilýän buýruklary berjaý edýäris’ diýip jogap berýärler” diýip, maryly habarçymyz nygtady.

Şol bir wagtda, sürüjiler ýol polisiýanyň bu düşündirişi bilen kanagatlanmaýandygyny aýdýarlar. Ilat PÝGG-niň hatda şu günki gün hem köçelerde aýal sürüjilere basyş edýänidigine; şahsy ulag eýelerinden, dürli bahanalary arap, para tamakin bolýandygyna ünsi çekýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrliginden, şeýle-de sebitleriň ýol gözegçilik edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri awlaýar’
PÝGG uly ýollaryň boýunda gizlenip, tizlik çägini geçen sürüjileri awlaýar’
Pogonuny özi ýyrtan PÝGG işgäri "wezipesinden boşadyldy"
Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri awlaýar’
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär
Diňle: Balkanda PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär