Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär

Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär

Balkan welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) köçe-ýol hereketine gözegçiligi güýçlendirýär, şol sanda goýy reňkli awtoulaglary jerime duralgalaryna alyp gidýär, hususan-da, zenan sürüjileriň şahadatnamalaryny barlaýar we ygtyýarnamasyz hususy taksileri nyşana alýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Balkanyň Ýol polisiýasy köçelere gözegçiligi güýçlendirip, ýapyk gyzyl, goýy gök we asfalt reňkli awtomobil ulaglaryny jerime duralgalaryna äkdip başlady, zenan sürüjilere basyşy güýçlendirdi” diýip, balkanly bir sürüji gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir polisiýa işgäri güýçlendirilen gözegçilik çäreleriniň esasy maksadynyň, Awazada başlanjak nobatdaky dynç alyş möwsüminden öň, köçeleri goýy reňkli awtoulaglardan arassalamakdan ybaratdygyny aýdýar.

Şeýle-de, polisiýa ofiseriniň sözlerine görä, Içeri işler ministrligi tarapyndan ýörite buýruk berlip, zenan sürüjileriň şahadatnamalarynyň içgin barlanylmagy talap edilipdir. Bu barlaglar köçelerde sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyrýan zenanlaryň has köp ýüze çykarylmagy bilen ilteşdirilýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Balkan welaýat şahamçasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ençeme ýyllardan bäri gara we goýy reňkli awtoulaglaryň hereketi çäklendirilýär. Awtoulag eýeleri öz ulaglaryny ak ýa-da açyk reňke boýatmaga mejbur edilýärler. Bu çäreler wagtal-wagtal has-da ýygjamlaşýar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri zenanlaryň ulag dolandyrmak hukuklaryny çäklendirmekde tankyt edilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtda zenanlaryň ulag dolandyrmak hukuklarynyň töweregindäki ýagdaýlar, olardan talap edilýän resminamalaryň sanynyň köpeldilmegi, ulag dolandyrýan zenanlaryň polisiýa tarapyndan ýörite saklanylmagy we içgin barlaglara sezewar edilmegi ýaly hadysalar barada yzygiderli habar berdiler.

Şeýle habarlaryň yz ýany, bu temanyň ynsan hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça geçirilen halkara ýygnaklarda gozgalmagy bilen, türkmen häkimiýetleri zenanlaryň ulag dolandyrmak hukuklarynyň ýurtdaky ýagdaýyny halkara jemgyýetçiligine düşündirmeli boldular.

Balkan welaýatyndaky PÝGG işjeňligi goýy reňkli awtoulaglar we zenan sürüjiler bilen bir hatarda beýleki gözegçilik çärelerini hem öz içine alýar.

Hususan-da, Balkanabat Türkmenbaşy awtomagistralynyň ugrunda polisiýa işjeňligi ýokarlandy, awtoulaglar tas uçdantutma barlanýar ulaglaryň we ulag sürüjileriniň resminamalary seljerilýär. PÝGG bilen bir hatarda Salgyt gullugynyň inspektorlary hususy taksi sürüjileriniň ygtyýarnamalaryny barlaýar, bikanun kireý edýän ulaglary ýüze çykarmak işlerini güýçlendirýär.

“Düýn, Türkmenbaşyda bir hususy taksä mündüm. Sürüji maňa we beýleki üç ýolagça özüniň at familiýasyny, şahsy maglumatlaryny, ýaşaýan salgysyna çenli aýdyp, häzir reýd bolup dur, eger birden meni saklap, siziň bilen gatnaşygymy sorasalar ol biziň garyndaşymyz, Balkanabatda bir garyndaşymyz aýryldy, şonuň ýas sadakasyna barýas diýeweriň’ diýip, öňünden tabşyrdy” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Taksi sürüjisiniň sözlerine görä, häkimiýetler soňky wagtlarda ygtyýarnamasyz taksi dolandyrýan sürüjilere temmi çärelerini güýçlendirýär, ygtyýarnamasy bolmadyk sürüjilere 1 müň 300 manada çenli jerime ýazylýar, olaryň awtomobil ulaglary bir aý möhlet bilen jerime duralgalarynda saklanylýar.

Ýurtda köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň dürs berjaý edilmegine gözegçilik wezipelerini öz üstüne alan PÝGG işgärleri sürüjilerden para almakda yzygiderli tankyt edilýär.

Ýöne döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri polisiýa işgärleri tarapyndan ýol berilýän düzgün bozmalar barada habar bermeýär. Muňa derek, döwlet mediasy 2022-nji ýylyň aprelinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozmakda aýyplanýan birnäçe sürüjileri görkezdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri awlaýar’