R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna goşant goşýan iň ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitde we howpsuzlygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi goramakdaky garaýyşlarynyň meňzeşligi tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Moskwa ygrarly sebit we awtoritar meýilleri. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň sapary Merkezi Aziýa nämä berip biler?
В АШХАБАДЕ СОСТОЯЛИСЬ ПОЛИТИЧЕСКИЕ КОНСУЛЬТАЦИИ МЕЖДУ ТУРКМЕНИСТАНОМ И РЕСПУБЛИКОЙ УЗБЕКИСТАН
Özbegistanyň ozalky daşary işler ministrine Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni gowşuryldy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi