R.Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň başlygynyň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi

R.Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň başlygynyň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi bilen wideo baglanyşyk arkaly gepleşik geçirdi. TASS-yň habaryna görä, bu barada Taliban hereketiniň wekili Muhammet Naim duşenbe güni özüniň Twitter sahypasynda habar berdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hanafini Owganystanyň täze hökümetiniň saýlanmagy bilen gutlady we resmi Aşgabadyň ýurtlaryň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek" niýetini ýene bir gezek tassyklady.

Türkmen diplomaty iki döwlet üçin möhüm taslamalaryň hatarynda Owganystanyň demirgazygyndaky Andhoý (Farýab welaýaty) şäherinden geçýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol magistralynyň gurluşygyny tamamlamak, Türkmenistanyň Günorta Aziýa gaz iberjek TOPH gaz geçirijisiniň tasmalasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergetika ulgamynda taslamalary ileri tutulýan wezipeler hökmünde belläp geçdi.

Türkmenistan şeýle hem doganlyk owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegini dowam etjekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy
Türkiýede Kitaphanaçylyk
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar