R.Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy

R.Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzykly pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan Awstriýa kompaniýalarynyň akylly Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygy hem nygtaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, konsertleri we beýleki bilelikdäki çäreleri, iki ýurduň özara Medeniýet günlerini geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ministr R.Meredow N.Bergere akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy we myhmany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Galkynyş Türkmen-Awstriýa žurnalynyň redaktory hökmünde bellige alynmagy bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi
13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary