Rahat Japarowyň topary wagtyndan öň Gyrgyzystanyň çempiony boldy

Rahat Japarowyň topary wagtyndan öň Gyrgyzystanyň çempiony boldy

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň çykyş edýän Abdyş-Ata kluby futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýylky möwsüminiň çempiony boldy.

25-nji tapgyrda turnir tablisasynyň ikinji ornundaky Alaýyň Ilbirs bilen deň oýnamagy Abdyş-Atanyň esasy garşydaşyndan 6 utuk öňe saýlanyp, wagtyndan öň çempion bolmagyna getirdi. Has takygy, şol deňlikden soň utuklarynyň sanyny 47-ä ýetiren Alaý 53 utuk bilen birinji ýerde barýan Abdyş-Atadan öňe geçmek mümkinçilini ýitirdi. Şeýlelikde, Abdyş-Ata wagtyndan öň çempionlyk titulyny özüniňki etdi.

25-nji tapgyrdaky oýnuny heniz geçirmedik Abdyş-Atanyň hasabynda 24 oýundan soň 16 ýeňiş, 5 deňlik we 3 ýeňliş bar.

Ýeri gelende bellesek, Abdyş-Ata futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynda altyn medaly eýelän taryhdaky dokuzynjy topar boldy.Häzirki wagtda bu babatda 13 gezek çempionlygyny baýram eden Dordoý topary öňdebaryjy hasaplanýar.

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionaty 1992-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip, onuň mundan ozalky bassyr dört möwsüminde Dordoý topary çempion bolupdy.Gyrgyzystanyň çempionatynyň bu ýylky ýeňijisi 2023-nji ýylda AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.

Maglumat üçin, 26 ýaşly türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Abdyş-Atanyň düzümine goşuldy. Ol sentýabr aýynda topary bilen Gyrgyzystanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

Abdyş-Ata Gyrgyzystanyň güýçli toparlarynyň biri bolup, ol 2001-nji ýylda esaslandyrylýar. Topar häzire çenli bir gezek Gyrgyzystanyň çempiony, alty gezek wise-çempiony boldy. Şeýle-de bäş gezek futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogyny eýeläp, bir gezek ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag futbol topary Rumyniýadaky türgenleşiklerini üstünlikli tamamlady
Teýmur Çaryýewiň Abdyş-Atasy Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda çykyş eder
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY