Raisi: Eýranyň gepleşiklerde islegi ygtybarly kepillikdir

Raisi: Eýranyň gepleşiklerde islegi ygtybarly kepillikdir

Eýranyň prezidenti, günbatar tarapyň ýene-de ähtini bozmazlygy üçin we syýasy bahanalar bilen Eýrana garşy karar bermezligi üçin howpsuzlyk kepilligi we howpsuzlyk meselelerini çözmek barada ygtybarly kepilligiň berilmelidigini nygtady.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi çarşenbe güni agşam halk bilen göni ýaýlymda beren interwýusynda, ýadro gepleşikleriniň soňky ýagdaýy baradaky soragyň jogabynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen soňky duşuşygyna yşarat edip bu duşuşykda, howpsuzlyk meselelerini çözmegiň we Eýranyň halky üçin ykdysady peýdasy bolan sanksiýalary hemişelik aýyrmagyň zerurlygyny nygtandygyny aýtdy.

Raisi, Atom Energiýasy Guramasynyň syýasy çemeleşmesini tankytlap IAEA-nyň ýolbaşçylary Eýranyň ýadro senagatyny göreni soň hiç hili gyşarmanyň bolmandygyny resmi taýdan yglan edýärler, ýöne Ýewropa gaýdyp gelenlerinde ýa-da sionist režim bilen habarlaşan badyna, sesleri we pozisiýalary üýtgeýär we pozisiýanyň üýtgemegi meselä syýasy çemeleşmäni görkezýär diýdi.

Aýatolla Raisi, şeýle hem syýasy toparlaryň we habar beriş serişdeleriniň köp ünsüni özüne çeken Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Haj Gasem Soleýmanyň keşbini görkezmek baradaky başlangyjy we bu inisiatiwanyň sargydy we maksady barada gürrüň gozgap, DAEŞ-y esaslandyryjylaryň Amerikalylardygyny we DAEŞ we terrorçylyga garşy göreşiň gahrymany Haj Gasem Soleýmanidigini aýtmak isledim; Ol terrorçylyga garşy göreşde gahryman bolan bir adamdy we amerikalylaryň we ABŞ-nyň öňki prezidentiniň eli bilen şehit boldy.

Eýranyň prezidenti Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmagyny möhüm mesele we waka hasaplamak bilen Eýrana köp bähbitleriniň boljakdygyny aýtdy.

Aýatolla Raisi, hanym Mahsa Amini baradaky soraga hem şeýle jogap berdi: Mahsa Amininiň ölüminde biziň prinsipimiz aç-açanlyk we adalatdyr; Bu meselede geleňsizlik we kemçilik bar bolsa, munuň yzarlanjakdygy hokmanydyr.

Raisi şeýle-de soňky bidüzgünçilikler barada şeýle diýdi: Eýranyň ähli halky häzirki wagtda ýurtda bolup geçen islendik bidüzgünçiligiň howpsuzlykdan mahrum edilmeginden aýry adamlaryň janyna we emlägine howp salýandygyna ykrar edýädirler we şonuň üçin bidüzgünçilik hiç kimiň tarapyndan kabul edilmeýär diýdi.

Eýranyň prezidenti, halkyň bu meselede rewolýusiýa garşylary we duşmanlary şowsuzlyga uçradandyklaryna yşarat edip olar ýurtda geçmişiň gozgalaňlary ýaly bidüzgünçilikler döretmek islediler ýöne başarmadylar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatynyň öjükdirmegi we guramaçylykly elementleriň girmegi bilen käbir şäherlerde we uniwersitetlerde nägilelik ýörişleri geçirildi
Eýranyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Sedigi: Eziji dünýäsi, ulumsylyk dünýäsi, Amerika, Sionizm we Takfir fronty hakykat we adalat bilen çözüp bolmajak söweşi alyp barýar
Amir Abdollahian: Ýewropa Bileleşigi gyssagly syýasy çäre görse, oňa jogap bereris