
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şol wagtky prezidenti Donald Tramp, Serdar Gasem Soleýmaniniň janyna kast edilmeginiň esasy ganhory we jenaýatçysy hökmünde sud edilmeli we ary alynmaly diýdi.
Seýid Ybraýym Raisi Tehranda Haj Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ikinji ýyl dönüminde Amerikalylara we Eýran halkynyň duşmanlaryna ýüzlenip 13-nji ýanwar Haj Gasymyň gutarýan güni diýip pikir etdiňiz, ýöne hyýalyňyz puja çykdy, sebäbi 13-nji ýanwar Haj Gasymyň ýaňadan doglan gününe döndi diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda Haj Gasem Soleýmani Yragyň premýer-ministriniň resmi myhmanydy we Amerikalylar Yragyň özygtyýarlylygyny bozup, bir halky öldürdiler diýdi.