Raşid Meredow Nýu-Ýorkda Antoniu Guterriş bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdy

Raşid Meredow Nýu-Ýorkda Antoniu Guterriş bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Taraplar 20-nji maýda kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnama aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy bu resminamanyň bitaraplygyň jedelleriň öňüni almakdaky ähmiýetini tassyklaýandygyny aýtdy. Antoniu Guterriş bolsa kararnamanyň öz wagtynda kabul edilendigini belläp, Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek, Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek bilen bagly meselelere garadylar.

Raşid Meredow bilen Antoniu Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine ýokary baha berdiler hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi