Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky tükkmen wekiliýeti Ýaponiýada saparda bolýar. Saparynyň çäklerinde şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýesimasa Haýaşi bilen duşuşdy.

Haýaşi Raşid Meredowyň öňki saparyndan bir ýyl soň Ýaponiýa bolýan saparyny mübärekledi, şeýle hem Noto ýarymadasyndaky ýertitremesi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň iberen gynanç hatyna minnetdarlyk bildirdi.Duşuşykda 2022-nji ýylyň dekabrynda Tokioda geçirilen daşary işler ministrleriniň Merkezi Aziýa+Ýaponiýa formatyndaky 9-njy duşuşygynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşylan ykdysady gatnaşyklar, bilim we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky öňe sürlen başlangyçlar barada pikir alşyldy. Şeýle hem R.Meredow bilen Ý.Haýaşi ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň LLDC ýurtlary boýunça Ýokary wekili bilen duşuşygy barada
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirdi