Rauf Denktaş Hatyralandy

Rauf Denktaş Hatyralandy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş, aradan çykan gününiň 13-nji ýylynda Lefkoşadaky ýadigärlik mazarynyň öňünde hatyralandy.

Hatyralama çäresi DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň we Denktaşyň maşgala agzalarynyň ýadigärlige gül desselerini goýmagy, hormatly dymyşlyk edilmegi we baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladylmagy bilen başlady.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, dabarada eden çykyşynda esaslandyryjy Prezident Rauf Denktaşy aradan çykan gününiň 13-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny nygtap, Rauf Denktaşyň ömürini Kipriň milli gowgasyna bagyşlandygyny ýatlatdy.

Prezident Tatar, Rauf Denktaşyň mirasy bolan iki döwletli çözgüt syýasatyny dowam etdirýändiklerine aýratyn ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
12-nji ýanwarda 'çetine deglen' adamlar taryhy hakykatyň aýdylmagyny isleýär
MOSKWA ŞÄHERINDE ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝYGYNDYLARYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Beýik Ýeňiş, öçmez seniň ýalkymyň
Edermenlik hakydasy
Watan gahrymanlary-mertlik mekdebi