“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek

8-nji awgustda, has takygy, geljek hepdäniň sişenbe güni Makedoniýanyň paýtagty Skopýedäki “National Arena Filip II” stadionynda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Real Madrid” bilen Ýewropa ligasynyň çempiony “Mançester Ýunaýtediň” arasynda UEFA Super kubogy duşuşygy geçiriler.

Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanjak oýna italiýaly Jianluka Rokki eminlik eder. 43 ýaşyndaky emine Elenito Di Liberatore bilen Mauro Tonolini hem-de Dawide Massa we Massimiliano Irrati ýardam berer.

Fransiýaly Klemen Turpin duşuşygyň 4-nji emini bolar. “Real Madrid” bilen “Mançester Ýunaýted” mundan ozal özara 10 duşuşyk geçirdi. “Real” 4, “Ýunaýted” 2 gezek ýeňiş gazandy. 4 oýnam deňlikde gutaryp, gollarda 2016 ispan topary öňdeligi eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

“REAL MADRID” kuboklary yzly-yzyna gazanýar
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Geçiler nädip daga dyrmaşýarlar?
Futbol täzelikleri
Bakuda londonlylaryň finaly