Futbol täzelikleri

Iýun aýynyň 1-ine Madridde “Liwerpul” bilen “Tottenham” toparlarynyň arasynda oýnaljak UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda sloweniýaly Damir Skomina jürlewük çalar. 42 ýaşly Skomina mundan öň 2012-nji ýylda “Çelsi” bilen “Atletikonyň” arasyndaky Super kubok duşuşygyna, 2017-nji ýylda bolsa, “Aýaks” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasynda Ýewropa ligasynyň finalyna eminlik edipdi. Şeýle-de 29-njy maýda Baku şäherindäki Olimpiýa stadionynda “Çelsi” bilen “Arsenalyň” arasyndaky Ýewropa ligasynyň finalyna bolsa, italiýaly Janluka Rokki eminlik eder.

Gollandiýaly meşhur hüjümçi Robin Wan Persi futbolçylyk karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.Ol 2001-nji ýylda “Feýenoordda” professional derejede futbola başlaýar.Wan Persi “Arsenal” (200412), “Mançester Ýunaýted” (201215), “Fenerbahçe” (201518) hem-de ýene bir ýola “Feýenoord” (201819) toparlarynda oýnaýar.

Milli toparda 102 oýunda 50 gol geçiren Wan Persiniň Dünýä çempionatlarynda 1 kümüş, 1 bürünç medaly bar.Ol umumylykda klublarda 590 oýunda 272 gol geçirdi.

Italiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda “Lasio” bilen “Atalanta” duşuşdy.Rimdäki Olimpiýa stadionynda oýnalan duşuşykda “Lasio” garşydaşyny soňky minutlarda geçiren gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.Rimlilere ýeňiş getiren gollary 82-nji minutda Sergeý Milinkowiç-Sawiç, 90-njy minutda-da Hoakin Korrea derwezä girizdi. “Lasio” bu kubogy 7-nji gezek gazanmagy başardy (1958, 1998, 2000, 2004, 2009, 2013, 2019). 1963-nji ýylda kubogy alan “Atalanta” 3-nji gezek finalda utuldy (1987, 1996, 2019).

Türkiýäniň Kubogyna “Galatasaraý” topary mynasyp boldy.Olar finalda geçen ýylyň ýeňijisi “Akhisarspory” 31 hasabynda ýeňip, kubogy 18-nji gezek asmana göterdi. “Akhisar” topary 57-nji minutda Elwis Manunyň goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, üstünligini saklamak başartmady. 80-nji minutda penaltini dürs uran Sinan Gümüş, 88-nji minutda Sofian Feguli hem-de 90+4-nji minutda Mbaýe Žagne “Galatasaraýa” ýeňiş getiren oýunçylar boldy.

Futbolyň taryhyndaky ilkinji professional klub hasaplanýan “Notts Kaunti” 2-nji ligadan hem aşak düşdi. Şunlukda, Nottingem şäheriniň taryhy kluby täze möwsümde höwesjeňler ligasynda, ýagny professional däl ligada çykyş eder. 1862-nji ýylda döredilen klubda Sol Kampbell, Kasper Şmeýhell ýaly futbolçylar hem oýnapdy.

Şweýsariýanyň iň köp çempion bolan topary, ýurduň iň gadymy klublarynyň biri bolan “Grasshoppers” 70 ýyldan soň, aşaky liga düşdi. Umumylykda, 27 çempionlyk bilen 1-nji hatarda barýan “Grasshoppers” soňky sapar 1949-njy ýylda 2-nji ligada oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Total futbolyň 2-nji bölümi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR