Total futbolyň 2-nji bölümi

Yklymyň iň uly klub ýaryşyna 19711972 möwsüminde 32 ýurda wekilçilik edýän 33 topar gatnaşýar. Ozalkylar ýaly utulan-çykdy oýunlary esasynda geçirilen ýaryşda çempion üýtgemeýär. Ýohan Kroýff we onuň ýoldaşlary tälimçileri çalyşylsa-da, total futbolynyň miwesini yzly-yzyna 2-nji gezek almagy başarýarlar.

1-nji tapgyrda 2 ýyl ozalky çempion Feýenoord Kipriň Olimpiakos toparyny 80 we 90 hasaplar bilen ýeňýär. 1-nji duşuşykda Şoenmakers, 2-nji oýunda Israel het-trik edýär.

Soňky çempion Aýaksa öz meýdançasynda gazanan ýeňşi ýeterlik bolýar.Dresdeniň Dinamosyny Swart we Keizeriň gollary bilen 20 ýeňen Aýaks jogap oýnunda golsuz deňme-deň oýnaýar.Arsenal, Grasshopper, Benfika ýaly klublar 2 oýnuň netijesi boýunça, uly hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, ýaryşy dowam etdirýärler.

Italiýanyň çempiony Inter öz meýdançasynda Mazzola, Faççetti, Žair ýaly ýyldyzlarynyň gol geçiren duşuşygynda AEK-i 41 utýar. Çekeleşikli geçen jogap oýnunda Inter 32 ýeňilse-de, 2-nji tapgyra ýollanma alýar.

2-nji tapgyr niderland toparlary üçin ýeňil geçýär.Aýaks Marseli 21, 41 şeýle-de, Feýenoord Dinamo Buharesti 20, 30 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.Duşuşyklarda Ýohan Kroýff 3 gezek tapawutlanýar.

Edil Arsenal hem Feýenoord ýaly Grasshopperi 20 we 30 hasaplar bilen utýar. Şol ýyllaryň güýçli klublaryndan Seltik Maltanyň wekili Sliema Wanderersi 2 oýnuň netijesi boýunça 71 ýeňýär. 2-nji tapgyryň iň ýatda galan oýny Borussiýa M bilen Interiň arasynda bolýar.

Nemes kluby 1-nji oýunda 71 ýeňýär. Ýöne janköýerleriň meýdança zat zyňmagyndan soň, duşuşyk täzeden oýnalmaly edilýär.Inter öz meýdançasynda 42 hasabynda utýar.Gaýtadan oýnalan jogap oýnunda hasap açylmaýar we italýan topary çärýek finala çykýar.

Çärýek finalda Aýaks iňlis kluby Arsenaly öz meýdançasynda G.Mühreniň gollary bilen 21 ýeňýär.Kroýff we ýoldaşlary Londondan hem ýeňiş bilen dolanýar (10).Feýenoord öz meýdançasynda Benfikany 10 utýar, ýöne jogap oýnunda 51 ýeňlip, ýaryşy bes etmeli bolýar.

Benfikanyň gollaryny Nene (3) we Žordao (2) derwezä girizýär.Inter öz meýdançasynda Standard Lieži Žairiň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär, ýöne Belgiýada 21 ýeňilýär.Muňa garamazdan, myhmançylykda geçirilen gol Interi ýarym finala çykarýar.

Wenger topary myhmançylykda 21 ýeňip, öz meýdançasynda-da deňme-deň oýnan Seltik 3-nji gezek ýarym finala çykýar.

4 oýunda 1 gol geçirilýär

Ýarym finalda oýnalan 4 duşuşykda 1 gol hasaba alynýar. Şol ýeke-täk goly hem Aýaks—Benfika duşuşygynda amsterdamlylaryň ýyldyzy Jesaia Swart derwezä girizýär. Portugaliýada oýnalan jogap duşuşygy golsuz geçýär. Inter bilen Seltik toparlarynyň arasyndaky 2 oýunda-da hasap açylmaýar. Ýeňijini penalti urgulary kesgitleýär we 54 öňe saýlanan Inter 4-nji sapar finala adyny ýazdyrýar.

Total—Katenaççio: 20

Aýaks bilen Interiň arasyndaky final duşuşygy Niderlandlaryň iri şäheri Rotterdamdaky De Kuip stadionynda oýnalýar. 1972-nji ýylyň 31-nji maýyndaky bu oýna 61 354 janköýer tomaşa edýär we oýunda fransiýaly emin Robert Elie jürlewük çalýar. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar. 2-nji ýarymda-da ýerli Aýaks ezeli bäsdeşi Feýenoordyň meýdançasynda super ýyldyzy Ýohan Kroýffuň 47-nji hem-de 78-nji minutdaky gollary bilen 20 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Başgaça aýdylanda, total futboly katenaççio futbolyny 20 hasabynda ýeňýär. Şunlukda, Barselona giden Rinus Miçelsiň ornuna bellenen rumyniýaly tälimçi Ştefan Kowaçyň ýolbaşçylygynda Aýaks bassyr 2-nji çempionlygyny gazanýar.Aýaks bu kubogy Real Madrid, Benfika hem-de Interden soň, yzly-yzyna gazanan 4-nji topar bolýar.

Ýene degişli makalalar

Total futbolyň ilkinji kubogy
Total futbolyň jemleýji bölümi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Messisiz ilkinji çempionlyk
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
“Meniň ornumy hiç kim almaz”