Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder

Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 1112-nji dekabrda Türkmenistana saparda bolar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Burhaneddin Duran aýtdy diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Saparyň çäklerinde Prezident Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumyna gatnaşar.

Forumyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem çärä gatnaşýan birnäçe döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem geler.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Türki döwletleriň Dezinformasiýa garşy göreş forumy geçirildi
Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni bellenildi
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar
Pälwanlar Wengriýada Rekord Goýdy
"Gresiýa bilen dialog kanallarynyň şu günki gün ozalky ýyllardan has açykdygyny aýdyp bileris"