Rekord bahadan satyldy

Angliýaly suratkeş Saşa Jafri tarapyndan çekilen dünýäniň iň uly suraty rekord bahadan satyldy.Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde auksiona çykarylan surat jemi ýetmiş bölekden ybarat. 62 million dollara satylan surat dünýäniň iň uly suraty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Suratkeş bu eserini ýedi aýda tamamlaýar.Suratyň ululygy 17 müň inedördül metre barabar.Adamzadyň syýahaty atly bu suraty fransiýaly Andre Abdun satyn aldy. Äpet kartinanyň satuwyndan alnan girdejiniň Dubai Cares, Global Gift Foundation ÝUNISEF we ÝUNESKO ýaly guramalara haýyr-sahawat hökmünde geçiriljekdigi mälim edildi.

Suratyň täze eýesi Altius Gestion International Holding atly kompaniýa ýolbaşçylyk edýär.

Ogulniýaz HOJAÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

The post Rekord bahadan satyldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dürli pudaklarda ulanylýan kuwwatly tehnikalar
“Barselona” bilen Messi näme sebäpden şertnama baglaşyp bilmedi
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmen Lideri Daşoguzda "Türkmeniň ak öýi" binasyny açyp, ulanmaga berdi
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda Türkmeniň ak öýi binasy açyldy