Resmi habar

Resmi habar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 358-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi
Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär
Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär
Ysraýylly Ministr Gaza Sektorynyň Dolulygyna Ýok Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Duma Dünýä Ýurtlaryna Çagyryş Etdi