Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Harby borçiulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2024-nji ýylyň aprel iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak;

Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhietini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2024-nji ýylyň aprel iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmak bellenilýär.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi habar
Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär
Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Prezident Erdogan Ysraýyla Çagyryş Etdi