Resmi habarlar

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerine, Ylymlar akademiýasyna, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine hem-de beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

“Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmäge borçly edildi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenenergo” we DABS Hyrada elektrik energiýasyny ibermek boýunça gepleşikleri tamamladylar
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň möhletlerini uzaldýar
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek üçin baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltýar
Owganystan Hyrada türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini artdyrmak boýunça işe başlady