Reuters: hindi milliarderi Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl

Reuters: hindi milliarderi Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl

Hindistanly milliarder Gautam Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl, muňa düýn, çarşenbede onuň Adani Group maliýe toparynyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäp boldy. Ýagny Adani toparynyň maliýe hukuk bozmalary barada habarlar peýda bolan dessine hindi maýadary 74 milliard dollaryny ýitirdi diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Geçen hepdede Hindenburg Research maýa goýum-barlag kompaniýasy tarapyndan çap edilen makalada ady tutulan maliýe toparynyň işindäki hukuk bozmalar beýan edilen badyna Adani Group konglamerantine üns ýokarlandy. Awstraliýanyň sazlaýjy edarasy aýyplamany derňejekdigini habar berdi.

Makala çap edilen wagtynda, ýagny 27-nji ýanwarda Gautam Adaniniň maliýe emlägi 96,6 mlrd dollara deňdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi.

Çarşenbede paýnamalaryň ýitgisi Gautam Adaniniň Forbes žurnalynyň sanawynda 10-njy orna düşmegine getirdi. Ol indi Reliance Industries Ltd kompaniýasynyň eýesi, maliýe baýlygy 84,4 mlrd dollara deň bolan esasy garşydaşy Mukeş Ambanä ornuny berdi. Häzir Adaniniň emlägi 84,1 mlrd dollara deň diýlip, makalada bellenýär.

Amerikanyň ady tutulan maýa goýum kompaniýasynyň hasabaty çap edilenden soňra Adani Group öz gezeginde ony gymmatbaha kagyzlar bilen galplykda aýyplap çykyş etdi hem-de seljerijileriň netijilerini puja çykarýan, 413 sahypadan ybarat bolan ýörite nutuk çap etdi.

Ýeri gelende aýtsak, ýanwaryň ortalarynda Oxfam britan haýyr-sahawat guramasy 2020-nji ýylda dünýäniň ýaşaýjylarynyň diňe 1 göteriminiň adamzadyň galan böleginden iki esse köp girdeji toplandygyny habar berdi. Şol adamlaryň hatarynda Gautam Adani hem görkezildi.

Ýene degişli makalalar

“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi
Kemeron Awataryň ikinji bölümi üçin 95 million dollar gazandy
Berdimuhamedow we Miller gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar, Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy, geçen ýyl Türkmenistandan 11 müňden gowrak syýahatçy Azerbaýjana bardy
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar