Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär

Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär

Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan gysga göwrümli çeper film surata düşürilýär. Ol ýylyň esasy baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr.

Filmiň edebi esasyny Rahymberdi Annagulyýew ýazdy, Sapardurdy Annaýew bolsa režissýorlyk edýär.

Aýazbabanyň keşbini artist Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär, baş keşplerde Orazgeldi Durdyýew (çopan Baýram aga) we Perhat Babaýew (agtygy Parahat) çykyş edýärler.

Baýramçylyk filminde Begenç Garlyýew, Mahym Nuryýewa, Rahymberdi Annagulyýew dagy çykyş edýärler.Täze ýyl mynasybetli surata düşürilýän film baýramçylyk günleri milli teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine hödürlener.Filmiň ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrjakdygyna ynanýarys.

Sebäbi filmde beýan edilýän wakalar özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar.Gülkili wakalara, gyzykly pursatlara baý bolan filmde çykyş edýän artistler özlerine ynanylan keşleri ussatlarça ýerine ýetirmegi başarypdyrlar.Bu bolsa filmiň täsirini has-da artdyrýar.

Belläp geçsek, täze filmiň režissýory Sapardurdy Annaýew şu ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde geçirilen Arkadagyň säheri atly halklara kinofestiwalda Kagyza ýazylan ykbal atly filmi bilen halkara festiwalyň birinji ornuna Akhan kubogyna mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli film taýýarlanylýar
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Halk saz gurallary
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy ICIEC-iň müdiri bilen duşuşdy