Rim Papasy iş başyndan gitmäge taýýardygyny habar berdi

Rim Papasy iş başyndan gitmäge taýýardygyny habar berdi

Rim Papasy Fransisk saglyk ýagdaýy sebäpli iş başyndan gitmäge taýýardygy barada Kanada amala aşyran saparyndan gaýdyp gelenden soňra beren beýanatynda habar berdi. Bu hakynda Watikanyň Radiosyna salgylanýan Izwestiýa ýazýar.

Pontifik indi saglygynyň öňküler ýaly saparda bolmaga mümkinçilik bermeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Men ýaşym hem-de saglygym zerarly Kilisä gulluk etmekde biraz özümi aýamaly boljakdygym barada netijä geldim. Beýleki bir tarapdan, men işden çekilmek dogrusynda-da oýlanyp bilerin we dogrusyny aýdanyňda, işden çekiläýemde-de, beýle bir howsala düşere sebäbem ýokdur diýip, Rim Papasy nygtady.

Pontifik Papanyň täzelenmeginde mesele görmeýändigini aýtdy, ol özüniň dyzynda operasiýa edilmeginiň saglygyny gowulandyrmajakdygyny, lukmanlar agyrynyň doly aýrylmajakdygyny aýdýarlar diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Rim Papasy Fransisik köp ýyl bäri dyzagyrydan ejir çekýär we maýyplaryň arabasynda hereket edýär. Ol agyry sebäpli az aralyga ýöräp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy
Rim Papasy wagyz-nesihatynda Dostoýewskiden mysal getirdi
Rim Papasy ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna garşy göreşmäge çagyrdy
Rim Papasy halkara guramalarda özgertmeleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Rim Papasy Gazagystana bardy
Rim Papasy çagalyk arzuwlaryny paýlaşdy