Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder

2024-nji ýyldan başlap Seulyň başlangyç we orta mekdeplerinde okuwçylara iňlis dilini öwrenmäge niýetlenen “repetitor robotlar” ulanylyp başlanar. Bu barada “ferra.ru” web saýty habar berýär.

Bu täzelik mekdeplerde iňlis dilini okatmagy güýçlendirmegiň çäginde Seulyň Bilim edarasy tarapyndan mälim edildi. Hususy kompaniýalaryň biri bilen bilelikde işlenip düzülen robotlar synag üçin Seulyň bäş mekdebine ugradylar.

Emeli aňly robotlar mugallymyň kömekçisi hökmünde ýardam berip, okuwçylar bilen iňlis dilinde gürleşip biler. Şeýle-de, robotlar her bir okuwçynyň sözleýşini düzetmek ýaly aýratyn okuwy teklip eder. Synag üstünlikli bolan halatynda, Bilim edarasy repetitor robotlaryň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi
Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar
Emeli intellektde B meýilnama: Robotlaşdyrylan adamlar
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Robot dirižýor orkestri alyp bardy
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär