Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar

Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Robototehnika bilim merkezi 5 — 16 ýaş aralygyndaky çagalary we ýetginjekleri okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar.

Robototehnika, 3D-modelirleme, programmirleme we shemotehnika — bular ýakyn geljekde iň bir isleg bildiriljek ugurlardyr. Synag edip görmek üçin geçirilýän okuwlaryň maksady — çagany robototehnikanyň we programmirleme işiniň täsin dünýäsi bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

Tölegsiz sapaklaryň geçiriljek wagty:

5-nji fewralda

8-nji fewralda

Has giňişleýin maglumatlary almak we okuwlara ýazylmak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: (+993 71) 14 17 80, (+993 71) 14 17 81, (+993 12) 48 61 43, (+993 12) 48 61 45.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Emeli intellektde B meýilnama: Robotlaşdyrylan adamlar
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Robot dirižýor orkestri alyp bardy
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär