Röwşen aýakgaplary Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergide önümlerini tanyşdyrýar

Röwşen aýakgaplary Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergide önümlerini tanyşdyrýar

Röwşen aýakgaplary meşhur türkmen aýakgap kärhanasy 19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçirilýän çagalar üçin niýetlenen harytlaryň we hyzmatlaryň Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen, önümlerini tanyşdyrýar.

Myhmanlar kärhananyň diwarlygynda ýokary hilli materiallary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp öndürilen çaga aýakgaplary, guşaklar we torbalar bilen tanşyp bilerler.

Şeýle hem diwarlykda örän amatly bahalardan — 210 manatdan 220 manada çenli köp dürli görnüşli mekdep aýakgaplary hödürlenilýär.

Sergä gatnaşyjylar bu ýerde diňe bir halaýan önümlerini satyn almak bilen çäklenmän, eýsem aýakgaplary dogry saýlap almakda kärhananyň hünärmenlerinden maslahat hem alyp bilerler.

Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergi-ýarmarkasy Garagum myhmanhanasynyň arka ýüzündäki sergi meýdançasynda, şu salgyda geçirilýär: Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda 19-njy awgustda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi başlanar
Aşgabatdaky Koton Kids dükany tomusky egin-eşik toplumy üçin 30% arzanladyş yglan edýär
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez
Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi
Panjur Türkmenistan kompaniýasynyň ýörite WinBlock ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär