Röwşen dükanlary baýramçylygyň öňüsyrasynda aýakgaplaryň uly arzanladyşyna çagyrýar

Röwşen dükanlary baýramçylygyň öňüsyrasynda aýakgaplaryň uly arzanladyşyna çagyrýar

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Röwşen aýakgap kärhanasy harytlarynyň ähli görnüşlerine arzanladyş möwsümini yglan edýär.

1-nji oktýabra çenli Aşgabatdaky we beýleki şäherlerdäki Röwşen dükanlarynyň ählisinde 10-50 göterim arzan bahadan hakyky deriden öndürilen ýokary hilli aýakgaplary satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, birnäçe aýakgap görnüşleriniň bahalary 100-150 manada çenli arzanladyldy.

Röwşen dükanlaryndan hemmeler üçin we islendik ýerde geýmäge niýetlenen aýakgaplary tapmak bolýar.Erkekler üçin bu brend klassiki aýakgaplary, mokasinleri, loferleri, şeýle hem nusgawy stil, dürli geýimler bilen we casual stile laýyk boljak sport aýakgaplaryny hödürleýär.

Röwşen kärhanasynyň Rosemary haryt nyşanly zenan aýakgaplarynyň hataryna kablukly gaýyjak görnüşli aýakgaplar, ýumşak taýmaýan dabanly oňaýly loferler, baletkalar, sliponlar bar.Mundan başga-da, bu dükanlardan mekdep okuwçysy üçin islendik ölçegli güýz aýakgabyny tapyp bilersiňiz.

Röwşen kärhanasynyň ähli aýakgaplary hakyky deriden, dokma we beýleki ýokary hilli materiallardan ýasalýar.

Bu uly arzanladyş mümkinçiliginden peýdalanyp, öz halaýan aýakgaplaryňyzy satyn almak üçin şu salgylara baryp bilersiňiz:

Aşgabatdaky Röwşen dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki Röwşen dükanlarynyň salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly ýene bir aktiwiste Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly barada resminama bermeýändigini aýdýar
Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi
Röwşen aýakgaplary Gurban baýramy mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär
Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy