Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde Türkmenistanyň aýakgap önümçiliginde öňdebaryjy Röwşen hususy kärhanasy uly ýaşlylar we çagalar üçin niýetlenen täze döwrebap aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrýar.

Röwşen — bu özüniň ýokary hilliligi, önümçilikde tebigy materiallary ulanýandygy hem-de häzirki zaman moda kybap gelýän dizaýny bilen tanalýan brenddir. Sergide kärhananyň öndürýän aýakgaplarynyň dürli görnüşli nusgalary — dürli ýaşdakylar üçin niýetlenen nusgawy görnüşden döwrebap sport aýakgaplaryna çenli önümleri hödürlenýär.

Sergä gatnaşyjylar brendiň täze önümleri bilen, şeýle hem Röwşen kärhanasynyň taryhy, önümçilik däpleri we gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilerler.

Röwşen HK-nyň önümleri bilen 17-nji martdan 19-njy marta çenli tanşyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Şagadam topary medal gazanmak mümkinçiligini elden berdi
HRW: Türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagy dowam edýär
Türkmen suratkeşi Röwşen Annanyýazowyň ýadygärligine bagyşlanan sergi
Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar
Täze ýyl mynasybetli sahnalaşdyrylan erteki