Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda baýramçylyk şowhunlary, konsertler we tomaşalar başlanýar. Ýurdumyzda giňden tanalýan Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr hem saz muşdaklaryny 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Watan kinokonsert merkezinde boljak konsertine çagyrýar.

Konsertde orkestriň muşdaklary üçin dünýäniň meşhur daşary ýurt çeper filmlerinden sazlar ýaňlanar.Baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyna ýaş kompozitor we pianinoçy Gulgeldi Gatyýew, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow we Aýna Baýramgeldiýewa gatnaşarlar.

Konsertde Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk eder, dabarany bolsa Röwşen Nepesowyň özi alyp barar.Biletleri öňünden sargyt etmek isleýänler şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +99361235234.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl konserti geçiriler
Halkyň söýgüsini gazanan teleseriallaryň sazlary ýaňlandy
Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan sazlar ýaňlandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Röwşen Nepesowyň orkestriniň Saz - kinonyň jany atly konserti
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke