Täze ýyl konserti geçiriler

Täze ýyl konserti geçiriler

Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda giňden tanalýan Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr hem saz muşdaklaryny 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Watan kinokonsert merkezinde boljak konsertine çagyrýar.

Konsertde orkestriň muşdaklary üçin dünýäniň meşhur daşary ýurt çeper filmlerinden sazlar ýaňlanar.

Baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyna ýaş kompozitor we pianinoçy Gulgeldi Gatyýew, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow we Aýna Baýramgeldiýewa gatnaşarlar.

Konsertde Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk eder, dabarany Röwşen Nepesow alyp barar.

Biletleri sargyt etmek isleýänler şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +99361235234.

Ýene degişli makalalar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar
Halkyň söýgüsini gazanan teleseriallaryň sazlary ýaňlandy
Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan sazlar ýaňlandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda