Röwşen we Mary deri - aỳakgap türkmen kompaniýalary Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionaty 2023 üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler

Röwşen we Mary deri - aỳakgap türkmen kompaniýalary Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionaty  2023 üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler

Röwşen we Mary deri - aỳakgap türkmen kärhanalary 23 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin bilelikde taýýarlanan ýörite sport aýakgaplarynyň toplumyny tanyşdyrdylar.

Toplum türgenler, lukmanlar, howpsuzlyk işgärleri, metbugat işgärleri, meýletinçiler we beýleki çempionata gatnaşyjylar üçin aýakgap nusgalaryny öz içine alýar. Aýakgaplar häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanylyp taýýarlanyldy, olar ýokary hili hem-de rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

Röwşen haryt nyşany 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda meşhurdyr. Şol döwrüň dowamynda moda aýakgap önümçiligine ýöriteleşen kärhana bazarda pugta orun eýeledi we müşderileriň ynamyny gazandy. Türkmen kärhanasynyň hödürleýän önümleriniň toplumy erkekler, zenanlar we çagalar üçin aýakgaplaryň dürli görnüşlerini, şeýle hem ýantorbalar, guşaklar we ellikler ýaly esbaplary öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Röwşen aýakgaplary erkek aýakgaplarynyň ýaz-tomus görnüşlerni hödürleýär
Röwşen dükanlarynda aýakgaplaryň arzan satuwy dowam edýär
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Röwşen aýakgap kärhanasy önümlerini Moskwada geçýän Euro Shoes sergisinde tanyşdyrýar
Röwşen aýakgap brendi gyş kolleksiýasynyň bahalaryny arzanlatdy
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi