Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy

Saud Arabystanynyň çempionaty “Saudi Pro Ligada” 16-njy tapgyryň çäginde “Al Nassr” topary öz meýdançasynda “Al Riýad” toparyndan 4-1 hasabynda üstün çykdy. “Al Nassr” toparynyň gollaryny Ronaldo (31), Otawio (45+3) hem-de Talişka (67, 90+4) geçirdi. Bu ýeňişden utugyny 37-ä çykaran “Al Nassr” 2-nji ýerdäki ornuny saklamagyny dowam edýär.

Bu oýun 1 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren Kristiano Ronaldonyň karerasyndaky 1200-nji duşuşyk hökmünde hasaba alyndy. 38 ýaşyndaky super ýyldyz şol 1200 duşuşykda 868 gol geçirdi.

Ronaldo çempionatda 16 gol bilen sanawyň başyny çekýär. Bu ugurda 2-nji ýerdäki Mitrowiçiň 14 goly bar. Ol iň köp asist eden futbolçylaryň sanawynda-da 8 asist bilen Alwaro Medran ikisi öňdeligi eýeleýär.

Sanawyň lideri “Al Hilal” myhmançylykda “Al Tai” toparyny Al Dosari hem-de Mitrowiçiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Benzemanyň ilkinji het-trigi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Türkmenistan ýaşamak üçin ajaýyp ýurt!