Benzemanyň ilkinji het-trigi

Saud Arabystanynyň çempionatynda tälimçisi Nuno Espiritony wezipesinden boşadan “Al-Ittihad” topary 13-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Abhe” toparyndan 4-2 hasabynda üstün çykdy.Duşuşykda Jidda şäheriniň klubunyň 3 goluny Karim Benzema adyna ýazdyrdy.

Ol 38-nji minutda penaltiden, şeýle-de, 67-nji we 69-njy minutlarda tapawutlanyp, çempionatdaky ilkinji het-trigini etdi.Bu gollardan soň Benzema iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda 3-nji orna geçip, Talişka bilen deňleşdi.

Sanawda Kristiano Ronaldo 12, Aleksandar Mitrowiç 10 gol bilen 1-2-nji orunlary eýeleýärler.

Çempionatyň 13-nji tapgyrynyň çäginde “Al Hilal” öz meýdançasynda “Al Taawun” toparyny Mitrowiç hem-de Kannonyň gollary bilen 2-0 ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Benzema arap kluby bilen şertnama baglaşdy