Benzema arap kluby bilen şertnama baglaşdy

Geçen ýekşenbe güni “Real Madrid” köýnekçesini soňky gezek geýen fransiýaly ýyldyz hüjümçi Karim Benzema hem ozalky topardaşy Kristiano Ronaldo ýaly Saud Arabystanynyň ligasyny saýlady. 35 ýaşyndaky oýunçy Saud Arabystanynyň soňky çempiony “Al-Ittihad” bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Arap kluby Benzema şol 2 ýyl üçin 200 million ýewro tölär. 2004-nji ýylda “Lion” toparynda futbola başlan Benzema 19 ýyllyk karýerasynyň 14 ýylyny “Real Madridde” geçirdi.Ol “Lion” hem-de “Real Madridde” 816 duşuşykda 435 goly öz adyna ýazdyrdy.

Fransiýanyň milli ýygyndysynda 97 oýunda 37 gezek tapawutlandy.Benzema “Real Madridde” 25, “Lionda-da” 7 kubok gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
“Altyn top” baýragynyň ýeňijisi Winisius Junior däl-de, Rodri boldy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Benzemanyň ilkinji het-trigi