2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar

Dünýä bell “Forbes” žurnaly 2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawyň başyny ýylyň ilkinji aýynda Saud Arabystanynyň Al Nassr toparyna transfer bolan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo eýeleýär. 38 ýaşyndaky oýunçy beýlekilerden ep-esli köp gazanç bilen öňde barýar. Ýyldyz oýunçynyň şu ýylky gazanan 248 million ýewro deňdir.

2-nji ýerdäki Lionel Messiniň 128, 3-nji orunda Neýmaryň 106 million ýewrolyk gazanjy bar. 4-5-nji ýerlerdäki futbolçylaryň gazanjy 100 million ýewrodan ýokary boldy. Kilian Mbappe 104 million ýewro bilen 4-nji, 100 million ýewro gazanjy bolan Karim Benzema 5-nji ýeri eýeledi.

Erling Holann (55 million ýewro), Mohamed Salah (50 million ýewro), Sadio Mane (49 million ýewro), Kewin De Bruýne (37million) hem-de Harri Keýn (34 million ýewro) ilkinji onlukdaky beýleki 5 futbolçydyr.

Kristiano Ronaldo 247 million ýewro

Lionel Messi 128 million ýewro

Neýmar 106 million ýewro

Kilian Mbappe 104 million ýewro

Karim Benzema 100 million ýewro

Erling Holann 55 million ýewro

Mohamed Salah 50 million ýewro

Sadio Mane 49 million ýewro

Kewin De Bruýne 37 million ýewro

Harri Keýn 34 million ýewro

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Goal: Messi — indiki Altyn top ugrundaky göreşde lider
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi