Ronaldu milli ýygyndy üçin gol sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi

Ronaldu milli ýygyndy üçin gol sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi

Hüjümçi Kriştianu Ronaldu Milletler ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde geçirilen Şweýsariýa bilen oýunda iki gol geçirdi.

Mundan öň milli topar üçin bassyr bäş oýnuň dowamynda gol salmadyk hüjümçi 116-njy we 117-nji pökgini tora girizdi. Şeýle netije Ronaldunyň öz rekordynyň täzelenmegi boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. 117 gol bu milli ýygyndy toparlarynyň ähli oýunçylarynyň arasynda iň gowy netije.

Ikini orny Eýranyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Ali Daei eýeleýär, onuň hasabynda 109 gol bar.Professional futbolda erkekleriň arasynda diňe iki oýunçynyň Ronaldu bilen Daeiniň öz milli toparlary üçin 100-den köp gol geçirip bilendigi bellärliklidir.

Ýene degişli makalalar

Messi 3-nji orna beýgeldi, ondan öňde Daei bilen Ronaldo bar
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Russiýa bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi
Wladimir Putin, Birleşen Arap Emirliklerine Bardy
Hakan Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy
Dünýäniň iri maýa goýum gaznalary