Rosatom Türkiýe Bilen Gepleşiklere Başlady

Rosatom Türkiýe Bilen Gepleşiklere Başlady

Lihaçew rus döwlet teleýaýlymy “Rossiýa-24-e” beren beýanatynda, Türkiýäniň ikinji atom elektrik bekedini Sinopda gurmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Sinobyň atom elektrik bekedi boýunça işleýänler tarapyndan bilinýän 4 bölümden ybarat uly atom bekediniň gurluşygy üçin amatly ýerdigini beýan eden Lihaçew; “Uly göwrümli atom elektrik bekediniň gelejegini göz öňünde tutup tehnologik hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy, maýa goýum syýasaty we Türkiýäniň energetika bazarynyň ugrukdyrylmagy taýdan strategiýalary işläp taýýarlamak boýunça türk hyzmatdaşlarymyz bilen gepleşiklere başladyk” diýdi.

Türkiýäniň ilkinji atom elektrik bekedi bolan Mersindäki Akkuýu hakyndaky ylalaşyga 2010-njy ýylda gol çekişilipdi. Akkuýuda guruljak beket 4 reaktordan ybarat bolar we jemi 4,800 megawat ukyba eýe. İlkinji reaktoryň 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkezinde mediaforum geçirildi
Mediaforum: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemleri
MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
Russiýa, Ýoksul Ýurtlara 500 Müň Tonnalyk Galla Kömegini Bermäge Taýar
Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler