Rowachlan Galkynysh kärhanasy önümçiligini giňeltmegi we eksportyny artdyrmagy maksat edinýär

Rowachlan Galkynysh kärhanasy önümçiligini giňeltmegi we eksportyny artdyrmagy maksat edinýär

2010-njy ýylda esaslandyrylan Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy ürgün we ürgün däl önümleri saklamak üçin niýetlenen polipropilenden dokalan haltalary we rulonlary eksport edýän türkmen kärhanalarynyň öňdebaryjylarynyň biridir.

Rowachpack brendli önümler ilkibaşda eksporta gönükdirilen, ýokary tehnologiýaly enjamlary we iň täze tehnologiýalary ulanyp diňe ilkinji çig maldan öndürilýär. Kompaniýanyň önümleriniň hili ISO9001 şahadatnamasy, şeýle hem döwlet edaralary tarapyndan dürli baýraklar bilen sylaglandy.

Polipropilen önümlerini öndürýän zawod 44800 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde 200-den gowrak işgär, şol sanda 150 hünär taýdan taýýarlykly tehniki hünärmen işleýär. Zawod konweýeri her aýda 500 tonna ýokary hilli önüm öndürýär, senagat çig maly hökmünde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri hyzmat edýär. Polipropilen haltalaryň kuwwatlylygy 20 kg-dan 1 tonna çenlidir (uly sumkalar).

Täze zawodyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi onuň önümçilik kuwwatyny, önümleriň görnüşini artdyrar, şeýle hem polipropilen haltalara fleksografiýa we logo çap etmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçiligi ýokarlandyrar.

Rowachpack polipropilen gaplama önümleriniň eksportynyň geografiýasy — Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlary. Ýakyn geljekde bolsa önümleri Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna ibermek meýilleşdirilýär. Kärhana ähli gyzyklanýan taraplar bilen özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygy üçin açykdyr.

Rowachlan Galkynysh maksady — dünýä bazarynda ygtybarly we ynamdar bolan uzak möhletli gatnaşyklary gurmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we işiň täze geljegi uly ugurlaryny ösdürmek, milli we halkara ülňülerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň hasabyna täze sarp edijileri çekmek hem-de kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasynyň wekilleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 62) 29 29 69 (jübi telefony), (+993 12) 29 29 69 (şäher telefony); Elektron poçta sagysy: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Belent akaba”  oturgyç we partalary eksport edýär
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi