Ruminiýa, Russiýanyň Dunaý Derýasynyň Ugrunda Ýerleşýän Portlara Guran Hüjümlerini Ýazgardy

Ruminiýa, Russiýanyň Dunaý Derýasynyň Ugrunda Ýerleşýän Portlara Guran Hüjümlerini Ýazgardy

Ruminiýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis, Russiýanyň Dunaý derýasynyň ugrunda ýerleşýän portlara guran hüjümlerini “harby jenaýat” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýohannis sosial mediadan beren habarnamasynda, Russiýanyň Dunaý derýasynyň ugrunda ýerleşýän portlara guran hüjümlerini ýazgaryp, bu ýagdaýyň “kabul edilmesizdigini” aýtdy.

Hüjümleri “harby jenaýat” hökmünde häsiýetlendiren Ýohannis, galla ammarlaryna guralan hüjümleriň, Ukrainanyň azyk önümleriniň dünýä ýurtlaryna ýetirilmegine ýaramaz täsirini ýetirendigini nygtady.

Ukrainanyň İnfstruktura ministri Aleksandr Kubrakow, Russiýanyň düýn gije Dunaý derýasynyň ugrunda ýerleşýän portlara hüjüm edendigini mälim edipdi.

Kubrakow habarnamasynda hüjüme sezewar bolan portlaryň fotusuratlaryna hem ýer berdi.

Kobrakow habarnamasynda “Düýn gije Russiýa Eýrana degişli uçarmansyz howa ulaglary bilen şu portlara hüjüm etdi. Bu portlar halkara azyk howpsuzlygy taýdan esasy orun eýeleýän portlar. Ruslar galla ammarlaryna hüjüm etdi. Afrika ýurtlaryna, Hytaýa we Ysraýyla ugradyljak 40 tonna golaý galla zeper ýetirildi” diýipdi.

Ýene degişli makalalar

29.11.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde rumyn opera aýdymçysy Irina Iordakesku çykyş etdi
Belentden ýaňlanan owazlar
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Orkestriň ýaňy