Rus Goşuny Ukrainadaky Pozisiýalaryny Güýçlendirýär

Rus Goşuny Ukrainadaky Pozisiýalaryny Güýçlendirýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Rus goşunynyň Donesk sebitinde Antonowka we Maksimowka etrapçalarynyň gözegçiligini ele geçirendigini mälim etdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň Ukrainadaky aksiýalary hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Rus goşunynyň Ukrainadaky pozisiýalaryny güýçlendirýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Günortadaky we Demirgazykdaky harby toparlar, Donesk Halk Respublikasynyň Antonowka we Maksimowka etrapçalaryny halas etdi” diýildi.

Beýannamada, Ukrainanyň Howa güýçlerine degişli Mig-29 kysymly” harby uçaryň urlup düşürlendigi ýatladyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, söweşiň başlan gününden bäri Ukrainanyň harby goşunyna degişli 648 uçar, 283 dikuçar, 35 müň 298 uçarmansyz howa ulagy, 585 howa goranyş ulgamy, 19 müň 63 tank we sowutly ulag bilen 28 müň 10 sany harby ulagyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly uçary synag uçuşyna taýýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
"Putin we Tramp gizlin ýagdaýda ylalaşmady"
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk