Rus kosmonawtlar 8 sagat açyk kosmosda boldular

Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan rus kosmonawtlary Oleg Kononenko hem-de Nikolaý Çub bekediň daşky bölegine bir enjamy berkitmek üçin sekiz sagada golaý wagtlap “kosmos ýörişine” çykdylar.

Kosmonawtlar Halkara kosmos bekedindäki kiçi göwrümli “Poisk” atly barlag modulyndan açyk kosmosa çykyp, “Nauka” modulyna geçdiler hem-de nano emeli hemrany hem-de aragatnaşyk enjamyny berkitmäge synanyşdylar.Ilkibaşda “kosmos ýörişiniň”, ýagny açyk kosmosda geçiriljek wagtyň 6 sagat 52 minut boljakdygy hasaplanypdy.

Emma nano emeli hemrany oturtmak başartmandygy sebäpli, 7 sagat 41 minutlap, bekediň daşynda boldular.Olara tabşyrylan aragatnaşyk enjamyny berkitmek işi üstünlikli ýerine ýetirildi, emma nano emeli hemrany dakmak başartmady.

Munuň üçin ýene bir gezek kosmos bekediniň daşyna çykyljakdygy bellenildi. Ýurdumyzda dünýä inen hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakylan Kononenko altynjy gezek, Nikolaý Çub bolsa ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy.

Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan NASA-nyň astronawtlary Lorel O’Hara hem-de Jasmin Mogbeli bolsa 30-njy oktýabrda 6,5 sagatlap açyk kosmosa çykar.

Kosmos bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar bekediň daşyndaky enjamlary aýyrmak, dakmak, täzesini oturtmak ýa-da ýüze çykan haýsydyr bir tehniki näsazlygy düzetmek üçin kosmos bekediniň daşyna çykýarlar. Bu örän çylşyrymly iş bolup, oňa “kosmos ýörişi” hem diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Kosmonawt Kononenko türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi
Ýuriý Gagariniň mirasyndan türkmen kosmonawtynyň geljegine çenli
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi