Rus we Belarus Gallasyna Ýokary Gümrük Salgydy Goýular

Rus we Belarus Gallasyna Ýokary Gümrük Salgydy Goýular

ÝB Geňeşi ýokary gümrük salgydynyň girizilmegi hakynda düzgünnamany kabul edendigini habar berdi.

Beýannamada ÝB-ne agza ýurtlaryň Russiýadan we Belarusdan aljak galla, ýagly tohum we şulardan öndürilýän önümlerden alynýan salgytlaryň, şol önümleriň importuny bes etdirjek çäge çenli ýokarlandyryljakdygy beýan edildi.

Beýannamada bu çäreleriň ÝB-niň galla bazarynyň durnuksyzlaşmagynyň öňüni aljakdygy, şeýle hem Russiýanyň Ukrainada öndürilýän we bikanun ele geçirilen galla importuny togtatjakdygy, adybir ýurt bilen 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän urşy maliýeleşdirmek üçin ÝB-ne importdan gazanan girdejileriň öňüni aljakdygy nygtaldy.

Beýannamada çärelerin Russiýadan we Belarusdan gönüden ÝB-ne eksport bilen baglydygy, üçünji ýurtlara geçişi bökdemejekdigi mälim edildi.

Täze dügünler ÝB-niň Resmi gazetinde çap edilenden soň 1-nji iýulda güýje girer.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasy bilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler
Ukraina Russiýa Garşy 121 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Türkiye Sudanda hassahana garşy guralan sapary ýazgardy
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
ABŞ-da Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi