Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler

Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän hem-de taraplaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklayan “Bilelikdäki Beýannama” gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda söwda-ykdysady hem-de ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Olaryň arasynda — “Özbek-Türkmen serhetüsti söwda zolagynyň işini düzgünleşdirýän Ylalaşyk”, şeýle hem nebit önümlerini we suwuk himiki ýükleri daşamaga niýetlenen “demir ýol wagonlaryny üpjün etmek baradaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň” Memorandumy bar.

Resminamalaryň esasy bölegi ynsanperwer, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýar. “Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk”, “20262027-nji ýyllar üçin medeniýet babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy”, tokaý hojalygy boýunça hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasy”, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlar we awtomobil gatnawlary boýunça hökümetara ylalaşyklara goşmaça Teswirnamalar gol çekilen resminamalaryň arasynda ýerleşýär.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berildi. “Surhanderýa we Kaşkaderýa welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Lebap welaýatynyň häkimliginiň”, “Daşkent welaýaty bilen Ahal welaýatynyň häkimliginiň”, şeýle hem “Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Karakalpakystan Respublikasy Ministrler Kabinetiniň” arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. Bu resminamalar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Türkmenistandan Özbegistana gelýän oltluda partlaýjy madda tapyldy
Özbek gümrükçileri Türkmenistandan gelen otluda partladyjylary tapdylar
Özbegistanda türkmen-özbek ýük gatnawlary üçin täze stansiýa açyldy
Özbek telekeçileri Türkmenistandan ne puluny, ne-de $1 millionlyk sementini alyp bilýär
Türkmenistana içalyçylyk etmekde günäkärlenen özbek ýörite gullugynyň öňki işgäriniň hossarlary onuň türmeden boşadylmagyny talap edýärler