Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň maglumatyna görä, 26-njy awgustda türkmen prezidentini Singapuryň “Çangi” Halkara aeroportunda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de Singapur Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň döwlet ministri San Tan Çin Sýong garşy aldy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň prezidentiniň Istana köşgünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi derejede garşy almak dabarasy geçirildi.

Singapuryň prezidenti Halima Ýakup ýokary derejeli myhman bilen mähirli salamlaşdy.Resmi dabaradan soň iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Istana köşgüniň mejlisler zalynda giňdelidilen singapur-türkmen gepleşikleri geçirildi.TDH-nyň maglumatlaryna görä, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr, şeýle-de hökümetara düzümleriň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak, ylym-bilim, medeniýet, ösen tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlar hem maslahat edilipdir.

Singapuryň “The Straits Times” neşiriniň habar bermegine görä, ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda goşa salgyt düzgünini ýatyrmak, şeýle-de diplomatik pasportyň eýesi bolan raýatlar üçin iki ýurduň arasynda bar bolan wiza talaplaryny ikitaraplaýyn ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekilýändigini habar berdi. Şeýle-de, neşiriň maglumatyna görä, iki ýurduň arasynda kanunçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek Memorandumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, 26-njy awgust duşenbe güni Singapurda türkmen-singapur biznes forumy geçirlipdir. “The Straits Times” duşenbe güni taraplaryň wekiliýetleriniň arasynda dokuz sany özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilendigini habar berýär.

Media maglumatlarynda Türkmenistanyň dökün-himiýa önümçiliginde Singapur bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleg bildirýändigi habar berilýär.Galyberse-de, Singapuryň “Banklar bileleşigi” bilen Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň arasynda bank we maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, şol sanda serhetara pul geçirimlerini ýol goýmak boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga gol çekilipdir.

Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň sentýabrynda ýola goýuldy.Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrlan ýokary derejeli sapar 2017-nji ýylda hasaba alyndy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Sam Tan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada barypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ybraýym Ysmaýyl Malaýziýanyň Patyşasy boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
28.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
USAID Türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady