Türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde tegelek stol geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany atly tegelek stol geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar.Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen diplomatik gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ugurlarda çuň strategik hyzmatdaşlyga öwrülendigini bellediler. Öz çykyşlarynda türkmen talyplary Türkmenistanyň abraýyny arşa galdyrjakdyklaryny, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrjakdyklaryny hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryny nygtadylar. Şeýle hem talyplar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň düýbünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasatynyň durandygyny aýratyn bellediler. Şeýle-de ýokary okuw mekdebinde bilim alýan daşary ýurtly talyplar ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklar we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň geljegini ýakynlaşdyrýan möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetde ösdürilýändigini, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň paýhasly syýasaty we ýakyn dialogy netijesinde goýlandygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-a goşulmagy boýunça tegelek stol geçirildi
“Ýüzýän” elektrik beketleriniň sany artýar
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
“Ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi