Täze tehnologiýalary ulanar

Kuweýt nebit pudagynda häzirki zaman ekologik tehnologiýalary ulanar. Bu barada Kuweýtiň ylmy barlaglar instituty (KISR) habar berdi. KISR we Kuweýtiň nebit tanker kompaniýasynyň (KOTC) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Memoranduma gol çekişlik dabarasynda KOTC-yň baş direktory Samira Omar bu ylalaşygyň daşky gurşawy goramak babatda institutyň ylmy barlaglarynyň gazananlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendigini mälim etdi.

Barlaghanalarda synagdan geçirilen durnukly ekologik tehnologiýalar we beýleki häzirki zaman tehnologiýalar kompaniýanyň desgalarynda ulanyşa giriziler. Bu hyzmatdaşlyk Kuweýtde hökümet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň beýik nusgasyny görkezer diýip, ol belledi.

KOTC-yň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Ali Şehab Ahmed bu ylalaşygyň KISR bilen ekologiýa babatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Ali Larijaniniň öldürilmeginiň aryny aljakdygyny aýtdy
ABŞ bilen Ysraýylyň guran hüjümlerinde öldürlen Larijani bilen Süleýman soňky ýoluna ugradylýar
Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Eýran bäş arap ýurduny ABŞ we Ysraýyl bilen dildüwşük etmekde aýyplaýar
ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy media hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär